Mercedes-Benz Şanhaý awtoulag sergisinde ilkinji gezek EQS SUV elektrikli awtoulagyny görkezdi

  • 19.04.2023 15:26
  • 15k+

Mercedes-Benz 20-nji Şanhaý halkara awtoulag senagaty sergisine (Auto-Shanhai 2023) birnäçe täze önüm getirdi, şolaryň arasynda “Maybach EQS SUV” markaly premium elektrik krossoweriniň dünýä tanyşdyryş nusgasy hem bar. Sişenbe güni kompaniýanyň diwarlygynda degişli tanyşdyrylyşlar geçirildi.

Mercedes-Benz awtoulagy hödürlemek bilen onuň kompaniýanyň şu wagta çenli öndüren iň ýokary premium elektrikli awtoulagydygyny düşündirdi. EQS SUV ulagy bir zarýadda 813 km-e çenli ýol geçmäge ukyply. 10% -den 80%-e çenli zarýad bermek bary-ýogy 37 minut alýar. Elektrik ulagy komplektasiýasyna baglylykda 4,4-6,4 sekuntda sagatda 100 km-e çenli tizligini artdyrýar.

Sergide görkezilen nusganyň içine ak deri çekilen, ýöne müşderiler üçin beýleki reňk görnüşleri hem bar. Bezegiň göze dürtülýän üýtgeşik bölegi esasy paneldäki ägirt uly displeýdir, ol tutuş paneli eýeleýär diýen ýaly.


şu gün 08:16
830

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......