Gurbanguly Berdimuhamedow we Serdar Berdimuhamedow Yzgantda agzaçar sadakasyny berdiler

  • 18.04.2023 23:13
  • 41k+

Şu gün, 18-nji aprelde Yzgant obasynyň Abyl işan gonamçylygynyň ýanyndaky ýörite taýýarlanan ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow kyblasy we mähriban käbesi, Prezident Serdar Berdimuhamedow atasy Mälikguly agany, eziz enesi Ogulabat ejäni hatyralap, agzaçar sadakasyny berdiler.

Agzaçar wagty golaýlaberende Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidenti bilen bilelikde, mähriban pederleriniň baky aram tapan  topragyna geldiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri we döwlet Baştutany ýygnananlar bilen mähirli görşüp, olaryň mukaddes aýda eden doga dilegleriniň , ýagşy umyt-arzuwlarynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler hem-de özleriniň berýän agzaçar sadakasyna gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdiler.
Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy.  
Tebärekden soň, agzaçar sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi.
Nahardan soň, aýat-töwir okalyp, agzaçar sadakasynyň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi.


düýn 10:55
5.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......