Eýran Türkmenistandan import edilýän gazyň möçberiniň 70% artmagyna garaşýar

  • 18.04.2023 14:47
  • 19k+

2023-nji ýylyň 20-nji martynda tamamlanan eýran senenama ýylynda Eýran «ummasyz köp mukdarda» gaz swoplaryny hasaba alyp, olaryň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 358% ýokarlanandygyny görkezdi diýip, Milli eýran gaz kompaniýasynyň (NIGC) başlygy Majid Çegeni Fars habarlar gullugy bilen bolan söhbetdeşlikde aýtdy.

Milli eýran gaz kompaniýasy (NIGC) Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasy bilen üçtaraplaýyn swop-geleşigiň çäginde Türkmenistandan tebigy gazy import edýär. Çegeni: "Türkmenistan bilen tebigy gaz söwdasyny artdyrmak bilen, NIGC Türkmenistandan ýurda gaz importyny dikeltmegi başardy" - diýdi.
Onuň sözlerine görä, 2023-nji ýylda gaz swopynyň çäklerinde Türkmenistandan import edilýän gazyň mukdary, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 70% -den gowrak artar diýlip garaşylýar.
Swop üpjünçiligi – bu Türkmenistanyň Eýrana gaz iberýändigini, şondan soň Eýranyň şol mukdardaky mawy ýangyjy Azerbaýjana eksport edýändigini aňladýar. Üstaşyr geçýän gazyň bir bölegi swop üçin töleg hökmünde Eýranda galýar.


08.06.2026 19:01
4.3k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...