Deňiz arkaly daşalýan nebitiň möçberi 2020-nji ýyldan bäri rekord derejä ýetdi

  • 15.04.2023 10:44
  • 12k+

Tankerler arkaly daşalýan dünýä nebitiniň möçberi geçen hepde 2020-nji ýyldan bäri rekord derejä ýetdi. Bu barada penşenbe güni Bloomberg Vortexa seljeriş kompaniýasyna salgylanyp habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, geçen hepde deňiz arkaly daşaýyşdaky nebit 1,27 milliard barrel boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň awgust aýyndan bäri 230 million barrele çenli ýokarlandy.
UBS Group-yň seljerijileriniň pikiriçe, görkezijiniň ýokarlanmagy nebitiň tankerler bilen daşalýan aralygynyň artmagy bilen bagly bolup biler diýip, Bloomberg ýazýar. Sebäbi, Ýewropa ýurtlary rus nebitinden ýüz öwrüp, beýleki ýurtlardan satyn alyp başladylar. Russiýa Aziýa ýurtlaryna, hususan-da Hindistana we Hytaýa has köp nebit iberip başlady. Mundan başga-da, ABŞ-nyň ýangyç eksportynyň köpelmegi sebäpli ortaça aralyk artdy.
Agentlik OPEK+ ýurtlarynyň dünýä energiýa bazarynyň durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen nebit önümçiligini 2023-nji ýylyň maý aýyndan ýylyň ahyryna çenli azaltmak kararyna gelendikleri sebäpli görkezijiniň ýakyn wagtda peseljekdigini çaklaýar. Ýurtlar degişli beýany 2-nji aprelde berdiler.


20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......