DAAD-yň Türkmenistandaky wekili Germaniýada bilim almak boýunça maslahatlary geçirýär

  • 14.04.2023 11:49
  • 12k+

German akademiki alyş-çalyş gullugy bolan DAAD-yň wekili, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda nemes dilini öwredýän Raýmond Zelke Germaniýada bilim we ylmy-barlag mümkinçilikleri barada maslahatlary berýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Bilim we häzirki talyp hakly maksatnamalar boýunça maslahatlar Germaniýanyň ilçihanasynda her çarşenbe güni sagat 14:00-dan 16:00-a çenli ýokary okuw mekdeplerindäki sapaklar wagtynda geçirilýär.
DAAD ulgamy dürli kärleri we gyzyklanmalary bolan dalaşgärlere niýetlenen talyp haklaryny öz içine alýar. Nemes dilini öwrenýänler üçin ýörite maksatnamalar, orta mekdebi gutaranlar, bakalawrlar, magistrler, aspirantlar we mugallymlar üçin maksatnamalar bar.
Raýmond Zelkäniň sözlerine görä, A2 we B1 daşary ýurt dilleriniň umumyýewropa başarnyklary bilen indiki ýyl meýilleşdirilýän tomusky dil kurslary üçin türkmen talyplaryndan onlarça ýüz tutma eýýäm kabul edildi. Bu diňe bir nemes dili baradaky bilimleriňizi ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, Germaniýanyň taryhy we medeniýeti bilen has gowy tanyşmak üçin gowy mümkinçilikdir. Şeýle hem, taslama ÝB-niň beýleki ýurtlaryna tanyşlyk saparyny guramagy göz öňünde tutýar - bu okuwyň maksatlaryna baglylykda, Praga ýa-da Pariže gezelenç bolup biler diýip, Raýmond Zelke aýtdy.


şu gün 11:24
2.8k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 08:05
4.4k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
5.2k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

13.06.2026 16:18
1.3k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......