Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

  • 14.04.2023 10:17
  • 35k+

13-nji aprelde Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi.
Mejlisiň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdiler.
Serdar Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanmak bilen, dünýäniň ähli ýurtlary we halklary bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Bu ýörelgeler diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň esasynda goýlandyr. Harby doktrina laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini kämilleşdirmek işi mundan beýläk-de dowam etdiriler, eziz Watanymyzyň goranmak ukyby pugtalandyrylar diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


düýn 17:31
936

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....