Şawkat Mirziýoýew Togg türk elektrik awtoulagyny synagdan geçirdi

  • 13.04.2023 11:25
  • 40k+

12-nji aprelde Şawkat Mirziýoýew Togg türk elektrik awtoulagy bilen tanyşdyryldy diýip, çarşenbe güni Özbegistanyň prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp, Trend habar berdi.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň adyndan Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank täze elektrik awtoulagynyň açarlaryny Özbegistanyň ýolbaşçysyna gowşurdy.
Ýakyn günlerde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sargydy bilen Türkiýe TOGG elektrik awtoulagyny Türkmenistana iberer. Bu barada Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlýut Çawuşoglu žurnalistlere beren beýanatynda aýtdy.
4-nji aprelde ilkinji Togg türk elektrik awtoulagynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe gowşurylandygyny ýatladýarys.


18.06.2026 22:09
1.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

13.06.2026 12:20
1.1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

09.06.2026 12:11
14k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

05.06.2026 17:31
1.9k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......