26-njy aprelde Aýa ýapon modulyny gondurmak meýilleşdirildi

  • 13.04.2023 11:10
  • 6.7k+

26-njy aprelde tokio wagty bilen 01:40-da (25-nji aprel 22:40) HAKUTO-R ýapon modulyny Aýa gondurmak meýilleşdirilýär. TASS agentliginiň habar bermegine görä, bu barada moduly döreden Ispace kompaniýasy çarşenbe güni öz saýtynda mälim etdi.

Bu iş bir sagada golaý dowam eder diýlip garaşylýar. Gonuş şertleri üýtgän halatynda degişli işi amala aşyrmagyň senesi 1-nji maýa, şeýle hem 3-nji maýa çenli yza süýşürilip bilner.
HAKUTO-R Aýyň ýüzüne çykjak ilkinji ýapon kosmiki gämisidir. Bu gonuş moduly Birleşen Arap Emirlikleriniň Rashid lunohodyny we beýleki birnäçe ýükleri eltip bermek üçin niýetlenendir.


düýn 08:10
4.2k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.6k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......