Tokio uniwersitetinde ChatGPT tarapyndan ýazylan ylmy işler gadagan edildi

  • 11.04.2023 10:46
  • 9.1k+

Tokio uniwersiteti talyplara ChatGPT emeli aňyň çat-botuny ulanyp ýazylan ylmy işleri tabşyrmagy gadagan etdi. Bu barada duşenbe güni uniwersitetiň saýtynda ýerleşdirilen beýanatda aýdylýar.

"Talyplar ylmy işlerini özbaşdak ýazmaly diýip hasaplaýarys, şonuň üçin hem emeli aňyň kömegi bilen ýazylan tekstleri bahalandyrmak üçin kabul etmeris" –diýip, beýanatda nygtalýar.

Duşenbe güni Tokioda geçirilen metbugat ýygnagynda ChatGPT bilen bagly ýagdaýa Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Hirokadzu Masuno teswir berdi. Ministrler Kabinetiniň baş sekretary: "Emeli aň tehnologiýalary bilen baglanyşykly tendensiýalary öwrenmegi we olaryň döreden aladalaryny, şol sanda, ulanyjylaryň şahsy maglumatlarynyň daşyna ýaýramagynyň mümkindigini seljermegi dowam edýäris" - diýdi.
Ýaponiýanyň Bilim, Medeniýet, Sport, Ylym we Tehnologiýa ministrligi, çat-botuň bilimde giňden ulanylmagy okuwçylaryň özbaşdak pikirlenip bilmek ukybyna zyýan ýetirer ätiýajynyň bardygy sebäpli, ChatGPT-ni ulanmak boýunça tekliplerini taýýarlaýar.
Amerikanyň OpenAI kompaniýasynyň ChatGPT-y 2022-nji ýylyň aýagynda çykdy.


08.06.2026 16:26
4.7k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 19:44
1.1k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.5k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

31.05.2026 13:26
1.7k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......