Aşgabadyň içine 10 minutda eltip berme hyzmatyny hödürleýän ilkinji onlaýn söwda platformasy döredildi

  • 10.04.2023 18:34
  • 74k+

Aşgabadyň içine 10 minutda eltip bermek hyzmaty... Ynanmak kyn diýýäňizmi? Asmanexpress onlaýn platformasy müşderilerine eden sargydyny hut şol wagt aralygynda eltip bermekligi kepillendirýär. Muny özüňizem barlap görüň!

Asmanexpress — bu eltip bermek hyzmatyny has gysga wagtyň içinde — 10 minutda ýerine ýetirýän Türkmenistanda ilkinji onlaýn söwda platformasydyr. Platformada alyjylara ýokary hilli brendleriň önümleri, iýmit önümleri, öý-hojalyk we beýleki zerur bolan harytlar elýeterli bahadan hödürlenilýär. Eltip bermek hyzmaty Aşgabat şäheriniň içinde elýeterlidir.
Onlaýn platformada dürli kategoriýalar boýunça tapawutlandyrylan 5000-den gowrak haryt bar. Asmanexpress häzirki wagtda sargytlary ammarlarynyň bar bolan ýerlerinden sanlyja minutda eltip berýär.
Asmanexpress söwda platformasynda iki sany serwis — Asmanexpress we Asman Mega hyzmatlary hereket edýär.
Asmanexpress onlaýn söwda platformasyna ilkinji gezek goşulan müşderä 15 manat sowgat edýär we 3 sany eltip bermek hyzmatyny mugt ýerine ýetirýär.
29,00 — 69,00 manat aralygynda edilen sargyt üçin eltip bermek hyzmatynyň tölegi — 5,99 manat; Sargydyň iň pes mukdary 29,00 manat bolmaly. Sargyt 69,00 manatdan köp bolan ýagdaýynda eltip bermek hyzmaty mugt ýerine ýetirilýär.
Şeýle hem Asmanexpress edilen sargyt 129,00 manatdan köp bolan ýagdaýynda 10,00 manat; 169,00 manatdan köp bolan ýagdaýynda 15,00 manat arzanlaşyk berýär.
Asman Mega serwisinden ilkinji söwda eden müşderä 20 manat sowgat berilýär we 3 sany eltip bermek hyzmaty mugt ýerine ýetirilýär.
Asman Mega-da eltip bermek hyzmaty Aşgabat şäheriniň ähli ýerlerine 40-60 minutda amala aşyrylýar. Sargydyň iň pes mukdary 49,00 manat bolmaly. Söwda 99,00 manatdan geçse, eltip bermek hyzmaty mugt.
Sargytlary saýtyň üsti bilen bolşy ýaly, Asmanexpress mobil goşundysynyň üsti bilen hem amala aşyryp bolar. Munuň üçin Google Play-den ýa-da App Store-dan Asmanexpress mobil goşundysyny ýükläp almaly.
Asmanexpress onlaýn söwda platformasyndan edilen sargyt üçin tölegler nagt, bank kartlary arkaly we onlaýn usulda kabul edilýär.
Eltip bermek hyzmaty her gün sagat 8:00-dan 22:00 aralygynda amala aşyrylýar.

Asmanexpress mobil goşundysyny şu salgylardan ýükläp alyp bilersiňiz: Google Play we AppStore
Saýt: asmanexpress.com
Elektron poçta: info.asmanexpress@gmail.com


22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.2k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......