Messi Ýewropa klublary üçin geçiren gollarynyň sany boýunça Ronaldunyň rekordyny täzeledi

  • 10.04.2023 12:33
  • 16k+

“Pari Sen-Žermen” klubunyň argentinaly oýunçysy Lionel Messi Fransiýanyň çempionatynyň 30-njy tapgyrynyň “Nissa” garşy oýnunda gol saldy. Oýun “PSŽ-niň” 2:0 hasabynda ýeňmegi bilen tamamlandy.

Bu gol argentinaly üçin hasap boýunça ýewropa klublary üçin geçiren 702-nji goly boldy. 672 goly Messi Ispaniýanyň “Barselonasy” üçin salypdy, galan 30 goly “PSŽ-niň” düzüminde geçirdi. Şeýlelikde, oýunda geçiren goly bilen Messi Ýewropa klublary üçin gol sany boýunça täze rekord goýdy diýip, smi.today habar berýär. Messiden öň bu rekord häzir “Al-Nasrda” çykyş edýän portugaliýaly oýunçy Kriştianu Ronalduwa degişlidi. Onuň hasabynda Ýewropa toparlary üçin 701 gol bar: 405-isini Ispaniýanyň “Realy”, 145-isini Angliýanyň “Mançester Ýunaýtedi”, 101-isini Italiýanyň “Ýuwentusy”, 5-isini Portugaliýanyň “Sportingi” üçin geçirdi.
Messi “PSŽ-ä” 2021-nji ýylyň awgust aýynda geçdi. Onuň klub bilen şertnamasy 2023-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenýär.


düýn 23:43
3.5k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......