Tesla dünýäniň iň gymmat awtomobil brendleriniň reýtinginde birinji boldy

  • 09.04.2023 11:23
  • 13k+

Tesla bir ýylda dünýäniň iň gymmat awtomobil brendleriniň sanawynda iki setir ýokary galyp, Mercedes-Benz bilen Toyota-dan öňe geçip, ilkinji gezek birinji orny eýeledi. Muny Brand Finance-yň maglumatlary delillendirýär diýip, interfax.ru habar berýär.

Häzirki wagtda Tesla brendiniň bahasy 66,2 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar, bir ýylyň dowamynda görkeziji 44%, pandemiýadan öňki döwürden bäri bäş esse ýokarlandy.
Toyota bahasynyň 18%-ini ýitirip, üçünji orna düşdi ($52,5 mlrd), Mercedes-Benz bolsa ikinji orunda galdy (minus 3%, $58,8 mlrd). Bahada iň uly ösüşi Hytaýyň Sokon awtomobil brendi görkezdi – bir ýylda 123%, $739 mln çenli.
Analitikler iň güýçli brend hökmünde Ferrari NV-ni bellediler we oňa iň ýokary “AAA+” reýtingi berdiler. Brendiň güýjüne baha berlende kompaniýa bahasyndan başga-da, marketinge maýa goýumlar, operasion netijeler, şeýle-de gyzyklanýan taraplar bilen gatnaşyklar (işgärlerden, üpjün edijilerden we paýdarlardan başlap, döwlet edaralaryna we jemgyýetçilik guramalaryna çenli) ýaly görkezijileri-de göz öňünde tutýar.
Ferrari brendiniň bahasy bir ýylda, esasanam, ýewronyň dollara bolan gatnaşykda hümmetiniň peselmegi sebäpli 8%, $7,4 mlrd çenli azaldy. Ýewroda bu görkeziji 3% ýokarlandy.
Awtoulag şaýlaryny öndürijileriň arasynda iň gymmat brend ýene-de ýapon Denso-sy boldy, onuň bahasy bir ýylda 6%, $4,5 mlrd çenli ýokarlandy. Şinalary öndürijileriň arasynda Fransiýanyň Michelin brendi lider bolmagynda galdy (+2%, $7,9 mlrd çenli).


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......