HHR Aziýadan Ýewropa internet kabelini geçirmegi meýilleşdirýär

  • 09.04.2023 11:10
  • 9.9k+

Hytaý Aziýany, Ýakyn Gündogary we Ýewropany birleşdirjek suwasty optiki-süýümli tory geçirmek meýilnamasyny işläp düzýär diýip, Reuters agentligi habar berýär. Muny rbc.ru ýetirýär.

Agentlik taslamanyň bahasynyň 500 mln dollardygyny belläp, ony SeaMeWe-6 atly şunuň ýaly amerikan taslamasynyň bäsdeşi diýip atlandyrýar.
Hytaýyň meýilnamasy EMA (Europe, Middle East, Asia) diýlip atlandyrylýar we ol Gonkongyň, Singapuryň, Pakistanyň, Saud Arabystanynyň, Müsüriň we Fransiýanyň kabel bilen birikmesini göz öňünde tutýar. Taslamanyň üstünde HHR-de üç sany esasy internet operatory işleýär: China Telecom, China Mobile Limited we China Unicom. Kabel HMN Technologies kompaniýasy tarapyndan geçiriler.
SeaMeWe-6 – bu SubCom amerikan firmasynyň taslamasy. Kabel Ýewropany we Aziýany hem EMA bilen meňzeş ugur boýunça (Singapurdan Saud Arabystanynyň üsti bilen Fransiýa çenli) birikdirmeli. Reuters öň ýokarda bellenilen üç hytaý operatorynyň kabeli geçirmeli konsorsiumyň düzümine girendigini, bu işiň bolsa HMN Technologies tarapyndan amala aşyrylmalydygyny belleýär.
Ýöne ABŞ-nyň häkimiýetleri işi ýerine ýetirijiniň SubCom bolmagyny gazandylar. SubCom taslama girende, hytaý telekommunikasion kompaniýalary ondan çykdy. Indi operatorlar öz taslamalarynyň çäklerinde Fransiýanyň Orange telekom firmasy, Pakistanyň PTCL, Müsüriň Telecom Egypt, Zain Saudi Arabia we Kuweýtiň K.S.C.P kompaniýasynyň bölümçeleri bilen ähtnama baglaşdylar.


02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

01.06.2026 07:34
8.3k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

29.05.2026 08:03
7.6k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......