Türkmenistan 2026-njy ýyla çenli ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlandy

  • 07.04.2023 11:16
  • 6.2k+

Türkmenistan 2024-2026-njy ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji geňeşine saýlandy. Bu barada AtavatanTürkmenistan neşiri Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasyna salgylanyp habar berýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk mejlisinde Geňeşiň düzüm birlikleri üçin saýlawlar geçirildi.
Bu guramaçylyk mejlisinde 2024-2026-njy ýyllar aralygynda Türkmenistany ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy hökmünde biragyzdan saýladylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan mundan ozal 2018-2020-nji ýyllarda ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy bolup saýlanypdy.
Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň 13 komissiýasynyň, komitetiniň we geňeşiniň agzasydyr. Türkmenistan 7 gezek BMG Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlandy.


şu gün 08:13
1.3k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
2.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1.3k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
685

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......