BSGG: Dünýä 2030-njy ýylda 10 mln saglygy goraýyş işgäriniň ýetmezçiligine duçar bolup biler

  • 08.04.2023 04:13
  • 20k+

Köp ýurtlar indi saglygy goraýyş işgärleriniň we hassalara ideg ediji işgärleriň ýetmezçiligine duçar bolýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) baş müdiri Tedros Adanom Gebreýesus penşenbe güni Ženewada geçirilen brifingde 2030-njy ýyla çenli dünýäde bu kärler boýunça hünärmenleriň ýetmezçiliginiň 10 million adama ýetip biljekdigini aýtdy.

"Saglygy goraýyş işgärleri islendik saglygy goraýyş ulgamynyň diregi bolup durýar" – diýip, ol ýatlatdy. Soňra: "Köp ýurtlar lukmançylyk we ideg ediji işgärleriň ýetmezçiligini başdan geçirýär we olaryň birnäçesi has gowy aýlyk hem-de iş şertleriniň gözleginde beýleki ýurtlara gidýärler" – diýip, baş müdir sözüniň üstüni ýetirdi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy: "Häzirki tendensiýa dowam etse, dünýä 2030-njy ýyla çenli 1030 saglyk işgäriniň we ideg ediji işgärleriň ýetmezçiligine duçar bolar, esasanam, ýetmezçilik iň garyp ýurtlarda ýiti duýular" diýip çaklaýar.

BSGG ähli ýurtlary saglygy goraýyş we ideg ediş ulgamyndaky işgärleri howpsuz iş şertleri, mynasyp aýlyk haklary bilen üpjün etmek, şeýle-de olaryň zähmet hukuklaryny goramak, zorlukdan hem-de hukuk kemsidilmelerinden penalamak arkaly “saglygy goraýyş işgärlerini goramaga we ol ugurda maýa goýmaga” çagyrdy.


20.06.2026 12:08
7.1k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......