Türkmenistanyň Mejlisiniň düzüminde sekiz komitet döredildi we olara başlyklar bellenildi

  • 06.04.2023 21:57
  • 27k+

Şu gün, 6-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda milli parlamentiň durmuşa geçirmeli işleri bilen baglylykda, Mejlisiň düzüminde sekiz komiteti döretmek barada Mejlisiň karary kabul edildi.

Olar şulardan ybarat:

1) Adam hukuklaryny we azatlyklaryny    goramak baradaky komitet;
2) Kada-kanunçylyk baradaky komitet;
3) Ykdysady meseleler baradaky komitet;
4) Durmuş syýasaty baradaky komitet;
5) Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitet;
6) Daşky gurşawy goramak, tebigatdan     peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitet;
7) Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitet;
8) Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitet.

Şeýle hem maslahatyň barşynda ýurdumyzyň Mejlisiniň esasy düzüm bölekleriniň ýolbaşçylary saýlandy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy wezipesine Mary welaýatynyň 104-nji “Peşanaly” saýlaw okrugy boýunça deputat Ý.Eşşäýew saýlandy.
Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy wezipesine Aşgabat şäheriniň 9-njy “Älem” saýlaw okrugy boýunça deputat B.Baýlyýew saýlandy.
Mejlisiň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy wezipesine Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” saýlaw okrugy boýunça deputat G.Agaýew saýlandy.
Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy wezipesine Ahal welaýatynyň 22-nji “Änew” saýlaw okrugy boýunça deputat A.Sarjaýew saýlandy.
Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy wezipesine Lebap welaýatynyň 79-njy “Darganata” saýlaw okrugy boýunça deputat B.Seýidowa saýlandy.
Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiň başlygy wezipesine Aşgabat şäheriniň 6-njy “Köpetdag” saýlaw okrugy boýunça deputat Ç.Babanyýazow saýlandy.
Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy wezipesine Aşgabat şäheriniň 2-nji “Bitaraplyk” saýlaw okrugy boýunça deputat B.Muhamedow saýlandy.
Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň başlygy wezipesine Ahal welaýatynyň 18-nji “Bäherden” saýlaw okrugy boýunça deputat M.Gurbanow saýlandy.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......