Türkmenistanyň Mejlisiniň täze Başlygy we orunbasary saýlandy

  • 06.04.2023 21:38
  • 35k+

Şu gün, 6-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy, şeýle hem deputatlaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.

Maslahatyň barşynda Aşgabat şäheriniň 5-nji “Parahatçylyk” saýlaw okrugyndan saýlanan deputat D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy wezipesine saýlanyldy.
Lebap welaýatynyň 77-nji “Farap” saýlaw okrugy boýunça deputaty G.Rozyýew Mejlisiň Başlygynyň orunbasary wezipesine saýlandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy wezipesine D.Gulmanowany, Mejlisiň Başlygynyň orunbasary wezipesine G.Rozyýewi saýlamak barada kabul edilen Türkmenistanyň Kanunlaryna gol çekdi.
«Türkmenistanyň Mejlisi hakynda»  Türkmenistanyň Kanunynyň 3-nji maddasyna laýyklykda, täze çagyrylyşyň deputatlarynyň ygtyýarlyklary Mejlisiň birinji maslahatynda ykrar edilýär.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......