Rustam Minnihanow Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisine baryp gördüler

  • 05.04.2023 17:09
  • 18k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada bir günlük sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanowy kabul etdi. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň nebit känlerini gözlemek, tebigy gazy daşamak, energetika we himiýa önümleriniň üpjünçiligi ýaly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem taraplar medeni-ynsanperwer ugurlary, şeýle hem bilim we syýahatçylyk hyzmatdaşlygy babatda pikir alyşdylar. Türkmenistanly talyplar Tatarystanda bilim alýan daşary ýurtly talyplaryň sanawynda birinji orunda durýar. Tatarystandaky türkmen talyplarynyň sany 6281-e deňdir.
Rustam Minnihanow Halk Maslahatynyň Başlygyny şu ýylyň 18-19-njy maýynda geçiriljek «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» forumyna gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşykdan soňra Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän söwda toplumynyň sergisine baryp gördi.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......