NASA Aýa iberiljek Artemis 2 missiýasyna gatnaşyjylaryň atlaryny mälim etdi

  • 05.04.2023 16:14
  • 10k+

Amerikaly astronawtlar Kristina Kuk, Wiktor Glower we Reýd Uaýzmen, şeýle-de kanadaly astronawt Jeremi Hansen 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Aýyň töweregine uçuşy amala aşyrjak Artemis 2 missiýasynyň düzümine girerler. Bu barada Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça edaranyň (NASA) habarynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Uçuş NASA Orion gämisinde amala aşyrylar. Missiýa Aýy aýlanyp, Ýere gaýdyp geler.
2019-njy ýylyň ýazynda NASA üç tapgyrdan ybarat bolan Artemis Aý maksatnamasynyň taslamasyny anons etdi. Olardan birinjisi (Artemis 1) Space Launch System (SLS) raketasyna oturdylan Orion gämisiniň Aýyň töweregine sürüjisiz uçuşyny we Ýere gaýdyp gelmegini göz öňünde tutupdy. Uçuş 2022-nji ýylyň 16-njy noýabryndan 11-nji dekabry aralygynda boldy.
Ikinji tapgyr (Artemis 2) bortda ekipaž bilen Ýeriň tebigy hemrasynyň töweregine uçuşdyr. Missiýanyň üçünji tapgyrynda (Artemis 3) NASA astronawtlary Aýa düşürmegi, soňra olary 2030-njy ýyllaryň ortalarynda Marsa ibermegi göz öňünde tutýar.


11.06.2026 10:55
1.7k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

09.06.2026 23:32
4k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.8k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2.2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....