Twitter logotipini Dogecoin nyşanyna üýtgetdi

  • 04.04.2023 17:06
  • 11k+

Twitter sosial ulgamy öz saýtynyň logotipindäki gök guşy Dogecoin bitkoininiň nyşany bolan ite üýtgetdi. Täze logotip saýtyň sahypalaryny göreniňde görkezilýär diýip, TASS habar berýär.

Häzirki wagtda bu üýtgeşmäniň hemişelik esasda girizilendigi belli däl. Sosial ulgamyň blogunda, Twitteriň goldaw sahypasynda, şeýle-de sosial ulgamyň eýesi Ilon Maskyň sahypasynda bu sorag boýunça teswir ýok.
Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, üýtgeşmeleriň girizileninden bäri Binance kriptowalýuta biržasynda Dogecoin-iň bahasy 30% ýokarlandy.
Belläp geçsek, Mask öz Twitterinde Dogecoin barada ençeme gezek oňyn seslenme berdi. Ýagny, 2021-nji ýylyň aprel aýynyň başynda ol "Dogecoin-i Aýa ibermäge" wada berdi, maý aýynda bolsa SpaceX kompaniýasynyň 2022-nji ýylda doly derejede bu kriptowalýuta arkaly tölenen şertnama boýunça Aýa hemrany iberjekdigini aýtdy. 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Maskyň beýleki bir kompaniýasy - Tesla käbir çykarýan harytlary üçin töleg hökmünde Dogecoin-i kabul edýändigini mälim etdi.
2022-nji ýylyň sentýabr aýynda maýadarlar topary Masky we onuň birnäçe hyzmatdaşyny iki ýylyň dowamynda Dogecoin kriptowalýutasynyň bahasyny bilgeşleýin 36 müň göterim ýokarlandyrmakda aýyplady.


16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

01.04.2026 15:29
916

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...