ChatGPT kompaniýa döretdi, bir hepdede maýa goýumlaryny ödedi we ýylyň ahyryna çenli 400 müň funt sterling girdeji gazanyp biler

  • 04.04.2023 12:01
  • 9.8k+

Italiýa ChatGPT-i ulanmagy wagtlaýyn çäklendirýän bolsa, Portugaliýada çat-bot kompaniýanyň baş müdiri boldy. Emeli aň startapy (täze başlanan biznes) netijeli dolandyrmagy başardy we bir hepdäniň içinde ony girdejili kompaniýa öwürdi.

Portugaliýaly Žoao F.Santos startap döredip, ChatGPT-ni oňa baş direktor edip belledi, özi bolsa emeli aňyň kömekçisi boldy. Inžener günde bary-ýogy 1 sagat kompaniýa üns berip, neýrosetiň ähli görkezmelerini ýerine ýetirdi. Üstesine, hereketler startapyň işine zyýan ýetirip biljegem bolsa, Žoao F.Santos barybir ChatGPT-iň aýdan zatlarynyň hemmesini etdi.
Neýroset işiň üç ugruny teklip etdi. Žoao F. Santos hyzmatlar bilen meşgullanmak islemedi, şonuň üçinem emeli aňyň kömegi bilen döredilen (Hususan-da, Midjourney tarapyndan) suratly futbolkalaryň söwdasyny etmek kararyna gelindi.

Kompaniýa AIsthetic Apparel diýlip at berildi. At emeli intellekt tarapyndan teklip edildi. Birinji söz “Artifical Intelligence (AI)” we “aesthetic” sözleriniň utgaşmasydyr. Logotip Midjourney neýrosetiniň kömegi bilen döredildi.
Çat-bot üçin indiki ädim 10 bölümden ybarat iş meýilnamasyny döretmekdi. Emeli intellekt Midjourney tarapyndan döredilen suratlary çap etjek Printful kompaniýasy bilen onlaýn-dükan döretmegi we gepleşik geçirmegi teklip etdi. Ýeri gelende aýtsak, Midjourney üçin suratlaryň beýanyny hem chatbot düzdi.
Soňra neýroset maýadarlary tapmagy tabşyrdy. Olar Martin Andreas Petersen, Frederik van Deurs we Vasco Conceição boldy. Joao F.Santos kompaniýanyň 25% paýynyň deregine 2500 dollar ýygnap bilendigini aýtdy. Başlangyç maýa goýumlarynyň mukdary 1000 dollar boldy.
Bir futbolkanyň bahasy 35 funt. Bäş günde emeli intellekt 10 müň funtdan gowrak girdeji gazanyp bildi. 4000 funt sterling çykdajy bilen AIsthetic Apparel 7000 funt sterling girdeji gazandy. Söwdanyň rowaçlygy dowam etse, ýylyň ahyryna çenli girdeji 40 000 funt sterlinge ýeter. Mundan başga-da, ChatGPT başlangyja 4 million ýewro baha berýär.


düýn 10:51
843

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......