Italiýanyň Hökümeti ChatGPT emeli aňyny böwetledi

  • 03.04.2023 14:10
  • 8.5k+

Italiýanyň personal maglumatlary goramak boýunça edarasy gizlinlik düzgünleriniň berjaý edilmezligi sebäpli ChatGPT emeli aň çatboty (OpenAI  amerikan kompaniýasy  tarapyndan işlenip düzüldi) tarapyndan italýan ulanyjy maglumatlarynyň ulanylmagyny çäklendirdi. Netijede Italiýa bu neýroulgamy böwetlän ilkinji Günbatar ýurdy boldy diýip BBC takyklaýar.

Agentlik muny 20-nji martda ChatGPT-yň ulanyjylarynyň maglumatlarynyň ýaýramagy bilen düşündirdi. Şeýle hem, häkimiýetler gizlinlik beýannamasynda OpenAI-niň gizlinlik düzgünnamasynda onuň haýsy maglumatlary ýygnaýandygy barada maglumatyň ýokdugyny, şeýle hem “platformanyň işleýşiniň esasyny düzýän algoritmleri öwrenmek üçin köp şahsy maglumatlaryň  ýygnalmagyny we saklanylmagyny delillendirýän kanuny esaslaryň ýokdugyny” bellediler.
Mundan başga-da, ChatGPT ulanyjylarynyň ýaşyny barlamazlykda aýyplandy (AI 13 ýaşdan ulular üçin niýetlenendir).
Öndüriji kompaniýa görlen çäreler barada ÝB-däki wekiliniň üsti bilen 20 günüň dowamynda Italiýanyň häkimiýetlerine habar bermelidir, ýogsam oňa 20 million ýewro çenli jerime ýa-da ýyllyk dolanyşygynyň 4 göterimine çenli jerime salynar.

ChatGPT - bu gürrüňdeş bolmaga, goşgy goşmaga we kyssa ýazmaga, ylmy makalalary jemlemäge, soraglara jogap bermäge we ulanyjynyň islegi boýunça şekil döretmäge ukyply emeli intellektual söhbetdeş. Ony dörediji - OpenAI barlaghanasy (esaslandyryjylaryň biri amerikaly telekeçi Ilon Mask). Çat-bot internetden alnan köp sanly tekstler we janly ulanyjylar bilen gepleşikler arkaly taýýarlandy.


11.05.2026 20:32
2k+

Italiýada adamyň emeli aňa garaşlylygynyň ilkinji ýagdaýy resmi taýdan hasaba alyndy

Italiýanyň garaşlylyk bilen işlemek boýunça döwlet gullugy (SERD) ýurtda emeli aňa garaşly bolmagyň ilkinji ýagdaýyny hasaba aldy. «Gazzettino» gazetiniň habar bermegine görä, hakyky durmuşdaky gatnaşyklardan......

düýn 10:51
843

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......