Ysmaz adam Neuralink-iň kömegi bilen daş-töweregi görüp başlady

  • düýn 19:12
  • 2.2k+

Neuralink-iň hassasy Bred Smit görmekden mahrum bolmandy, ýöne amiotrofik gapdal sklerozy sebäpli ol kellesini hereket etdirip bilenokdy. Ýöne ol beýni implantyny ulanmagyň täze usulyny tapdy. Indi ol Neuralink-i ýörite berkidilen web-kamerany dolandyrmak üçin ulanýar. Bu hem, onuň aýtmagyna görä, oňa “goşmaça iki göz” berdi diýip, TechSpot habar berýär.

Ozal Smit daş-töwerek bilen Eyegaze enjamynyň – gözüň hereketini yzarlap, ekranda harplary saýlamaga kömek edýän ulgamyň  kömegi bilen aragatnaşyk saklaýardy. Ýöne ulgam diňe gowy ýagtylygy talap edýärdi. 2024-nji ýylyň noýabrynda Smit Neuralink implantyny alan üçünji adam we amiotrofik gapdal sklerozly birinji hassa boldy.
Türgenleşiklerden soň Smit pikiriň güýji bilen kompýuterde kursory dolandyryp başlady. Soňra ol Neuralink-i motorlaşdyrylan Insta360 Link 2 4K web-kamerasyna birikdirdi. Bu hem pikiriň güýji bilen kamerany öwürmäge, egmäge we şekili ýakynlaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Netijede, kamera kelläň bilen hereket edeniň ýaly işleýär. Kamera buýruklaryň çalt we takyk ýerine ýetirilmegi üçin ýörite beýniniň iberýän signallaryna görä sazlandy.
Indi Smit öýde çagalaryna seredip, wideo habarlary ýazyp, açyk howada maşgala dabaralaryna gatnaşyp bilýär. Neýrointerfeýs bilen motorlaşdyrylan kameranyň utgaşdyrylmagy oňa hakyky wagtda diýen ýaly daşky dünýä bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berdi.


12.10.2025 23:29
2.8k+

Neuralink-yň implanty goýlan näsag pikiriň güýji bilen robot goly dolandyrmagy öwrendi

Ilon Maskyň esaslandyran Neuralink startapynyň beýni implantlary häzirki wagtda 12 näsaga ornaşdyryldy. Şolaryň sekizinjisi — Nik Reý skleroz keselinden ejir çekýän näsag bolup, pikir güýji arkaly hereket edýän robot goly dolandyrmagy öwrenip başlandygyny paýlaşdy...

09.09.2025 09:47
3.3k+

Neuralink 2026-njy ýylda ilkinji gezek kör hassa çip goýar

Amerikaly telekeçi Ilon Mask 2026-njy ýylda Neuralink kompaniýasynyň kör hassa görüş implantatyny goýmak boýunça ilkinji operasiýany geçirjekdigini aýtdy. Maskyň sözlerine görä, çip görşi bölekleýin dikelder. Neuralink birnäçe ýyl bäri görşi dikeltmek üçin tehnologiýalary işläp taýýarlamaklyga gönükdirilen Blindsight programmasynyň üstünde işleýär...

22.06.2025 18:06
7.7k+

Neuralink-iň çibi oturdylan meýletinçi bir hepdede pikiriň güýji bilen wideo oýun oýnamagy öwrendi

ABŞ-nyň Aýdaho ştatynyň ýaşaýjysy Rob Greýner Neuralink kompaniýasynyň neýroçibi oturdylan altynjy meýletinçi boldy. 2022-nji ýylyň dekabryndaky awtoulag heläkçiliginden soň ysmaz bolan erkek adam indi ekrandaky kursory elleriniň kömegi bolmazdan, diňe pikir güýji arkaly dolandyryp bilýär...

04.04.2025 11:24
2.4k+

Hytaýyň Beinao No.1 beýni implanty Neuralink bilen bäsleşip, synaglary çaltlaşdyrýar

Hytaýyň beýni gözlegleri instituty (CIBR) we NeuCyber NeuroTech kompaniýasy Beinao No.1 beýni çibiniň kliniki synaglaryna başlady. Bu implanty eýýäm üç hassa aldy, ýylyň ahyryna çenli bolsa ol ýene on meýletinçä...