Goldman Sachs: Emeli aň dünýäde 300 milliona çenli iş ornuny eýeläp biler

  • 02.04.2023 22:52
  • 11k+

CNN habarlar gullugy Goldman Sachs maýa goýum bankynyň hasabatyna salgylanyp, emeli aňyň ösmegi 300 milliona çenli iş ornunyň awtomatlaşdyrylmagyna sebäp bolup biljekdigini aýdýar.

Seljerijileriň pikirine görä, dünýädäki iş orunlarynyň 18% -i awtomatlaşdyrylyp bilner we ösen ykdysadyýetli ýurtlarda bu täsir, ösüp barýan bazarlara garanyňda, has güýçli duýular. Munuň bir sebäbi, akyl zähmetiniň işgärleriniň, el zähmeti bilen meşgullanýanlara garanyňda, has köp töwekgelçilige sezewar boljakdygy bilen düşündirilýär.
Ykdysadyýetçileriň pikiriçe, administratiw işgärler we hukukçylar üçin işsiz galmak howpy has ýokary. Şol bir wagtda, gurluşyk we abatlaýyş işleri ýaly fiziki zähmeti talap edýän ýa-da açyk howada işleýän hünärlere känbir bildirmez.
Bank ABŞ-da we Ýewropada bar bolan işleriň takmynan üçden iki böleginiň “emeli aň bilen dürli derejelere çenli awtomatlaşdyrylandygyny” we ähli işleriň dörtden bir böleginiň tutuşlygyna emeli aň arkaly amala aşyrylyp bilinjekdigini çaklaýar.
Hünärmenleriň pikiriçe, emeli aň ösüp barýarka "zähmet bazary ep-esli sarsgynlara sezewar bolup biler". Şol bir wagtyň özünde, munuň uzak geljekde iş üpjünçiliginiň ösmegine hem goşant goşup biljekdigini bellediler. Goldman Sachs emeli aňyň giňden kabul edilmegi ahyrky netijede öndürijiligi ýokarlandyryp we on ýylda global jemi içerki önümi ýylda 7% ýokarlandyryp biler diýip hasaplaýar.

"Emeli aňyň zähmet bazaryna etjek täsiri ep-esli bolup bilse-de, iş ýerleriň we pudaklaryň köpüsi diňe bölekleýin awtomatlaşdyrylyp bilner hem-de şonuň üçin emeli aň olaryň ýerini tutmaz-da, diňe üstüni ýetirer" - diýip, ykdysadyýetçiler umyt edýärler.


düýn 10:51
843

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......