Werstappen Awstraliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy

  • 02.04.2023 18:13
  • 4k+

Melburnda Formula-1-iň üçünji tapgyry – Awstraliýanyň Gran-prisi tamamlandy. Ýaryşyň ýeňijisi “Red Bulluň” sürüjisi we umumy hasabyň lideri Maks Werstappen boldy. Ikinji orny “Mersedesiň” ýaryşa gatnaşyjysy Lýuis Hemilton eýeledi. Üçlügi “Aston Martiniň” sürüjisi Fernando Alonso jemledi.

“Ferrariniň” sürüjisi Şarl Lekler Gran-priniň birinji aýlawynda ýaryşdan çykmaly boldy. Onuň ýoldaşy Karlos Saýns ikinji restartdan soň bäş sekuntlyk jerime aldy we top-10-dan çykdy.
Belläp geçsek, ýaryş üç gezek gyzyl baýdak bilen togtadyldy.

Ýaryşyň ilkinji onlugy şeýle görnüşde:

1. Maks Werstappen (“Red Bull”);
2. Lýuis Hemilton (“Mersedes”);
3. Fernando Alonso (“Aston Martin”);
4. Lens Stroll (“Aston Martin”);
5. Serhio Peres (“Red Bull”);
6. Lando Norris (“Maklaren”);
7. Niko Hýulkenberg (“Haas”);
8. Oskar Piastri (“Maklaren”);
9. Çžou Guanýu (“Alfa Romeo”);
10. Ýuki Sunoda (“Alfa Tauri”).


23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.5k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......