Hytaý daşary ýurtlardan syýahatçylyk toparlarynyň girişine rugsat berdi

  • 02.04.2023 15:22
  • 8.2k+

Hytaý häkimiýetleri 31-nji martdan syýahatçylyk operatorlaryna ýurda daşary ýurt syýahatçylyk toparlaryny getirmäge rugsat berdi. Bu barada HHR-iň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Weibo sosial ulgamyndaky habarynda aýdylýar.

“31-nji martdan syýahatçylyk agentlikleri we onlaýn syýahatçylyk operatorlary tarapyndan daşary ýurt syýahatçylyk toparlarynyň girişi hem-de petekleri we myhmanhanalary bronlamak boýunça hyzmatlary bermegiň gaýtadan dikeldilýändigini habar berýäris” – diýlip, habarda aýdylýar.

Koronawirus pandemiýasy başlany bäri üç ýylyň dowamynda Hytaýda kowide garşy berk çäreler hereket edipdi. Ýöne geçen ýylyň ahyryndan ýurduň häkimiýetleri olary kem-kemden ýatyrmaga başladylar. Geçen ýylyň noýabrynda COVID-19 bilen kesellän ýolagçylary getirendigi üçin gatnawlaryň togtadylmagyny göz öňünde tutýan awiakompaniýalar üçin jeza mehanizmi ýatyryldy. Dekabr aýynyň başynda bolsa HHR-iň häkimiýetleri ýurtda hereket edýän kowide garşy çäklendirmeleri we hökmany PZR barlagyny aýyrdylar.


düýn 16:40
1.8k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.2k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......