Lamborghini özüniň iň kuwwatly we tiz modelini görkezdi

  • 01.04.2023 11:39
  • 15k+

Lamborghini markasy Revuelto modelini resmi taýdan hödürledi. Bu Aventador modeliniň ornuna gelýän flagman superkardyr. Revuelto brendiň ilkinji zarýad berilýän gibridi boldy. Onuň güýç gurluşy V12 benzin hereketlendirijisine esaslanýar, ýöne indi üç sany elektrik hereketlendirijisi onuň üstüni ýetirýär. Netijede, güýç gurluşynyň umumy kuwwaty 1015 at güýjüne barabardyr. Bu 2,5 sekuntda 100 km/sag, 7 sekuntda 200 km/sag çenli bat almak we sagatda 350 km-den geçýän iň ýokary tizligi görkezmek üçin ýeterlikdir. Bu barada autonews.ru belleýär.

Gibrid güýç gurluşynyň ýüregi V12 boldy. 6,5 l göwrümli bu benzin hereketlendirijisi 825 at güýjüni berýär, ýöne onuň agramy bary-ýogy 218 kg bolup, bu Aventador-yň hereketlendirijisinden 17 kg azdyr. Tirsekli wal minutda 9250 öwrüm eden ýagdaýynda hereketlendiriji iň ýokary kuwwaty görkezýär. Benzin hereketlendirijisi bilen bilelikde iki öl birleşdirijili sekiz basgançakly “robot” işleýär.
Elektrik hereketlendirijileriniň umumy kuwwaty 190 at güýjüne deň. Öndüriji çekiş batareýasynyň ulgamdan zarýad almagyna ýol berýär, ýöne arassa elektrik çekişde ýol ätiýajy barada maglumatlary bermeýär.

Bu markanyň taryhynda iň soňky benzin V12 bolmagy ähtimal. 2035-nji ýyldan Ýewropada içerki ýangyç hereketlendirijili awtomobilleriň satuwyny gadagan etmek meýilleşdirilýär. Ýöne nemes we italýan superkar öndürijileriniň düzgünlere basyş etmegi sebäpli, şeýle awtomobilleriň benzin bilen däl-de, sintetiki ýangyç bilen doldurylan ýagdaýynda satuwyna rugsat berlip, düzgünler gowşadylyp bilner.
Revuelto-nyň satuwy 2023-nji ýylyň ahyrynda başlaýar. Öňki Aventador modeli häzir Ýewropada iň ýönekeý görnüşde, takmynan, 400 müň ýewro düşýär. Täze model bolsa has gymmat bolar.


10.06.2026 11:18
5.5k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

16.05.2026 18:14
4.5k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

11.05.2026 11:24
2.6k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......