ABŞ dünýäde demokratiýanyň goldawyna $9,5 mlrd bölüp berer

  • 01.04.2023 11:31
  • 6.3k+

ABŞ 2022-2024-nji maliýe ýyllarynda dünýäde demokratiýanyň goldawyna 9,5 mlrd dollar bölüp bermegi meýilleşdirýär. Bu barada Ak öýüň saýtynda habar berilýär diýip, rbc.ru belleýär.

“2022-nji, 2023-nji we 2024-nji maliýe ýyllarynda Birleşen Ştatlar bütin dünýäde demokratiýanyň, adam hukuklarynyň we dogry dolandyryşyň goldawyna maýa goýdy we takmynan, 9,5 mlrd dollar gönükdirmegi maksat edinýär” – diýlip, beýanda aýdylýar.

28-nji martda ABŞ-da “Demokratiýa sammiti” başlady, çäre 30-njy marta çenli dowam etdi. Oňa 120 ýurduň lideri gatnaşdy. Duşuşykda Ukrainadaky dawalar, korrupsiýa bilen göreş, demokratiýany ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk, zenanlaryň ýagdaýy we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. ABŞ birinji “Demokratiýa sammitini” 2021-nji ýylyň dekabrynda geçirdi, häzirki çäre ikinji boldy.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden sammitiň açylyş dabarasynda çykyş etmek bilen, Birleşen Ştatlaryň iki ýylyň dowamynda bütin dünýäde demokratiýany, şol sanda garaşsyz HBS-i, erkin we adalatly saýlawlary goldamak üçin 690 mln dollar bölüp berjekdigini aýtdy.


08.06.2026 18:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.2k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......