Aýda gaýtadan dikeldilýän suw çeşmesi tapyldy

  • 01.04.2023 11:45
  • 16k+

Alymlar Aýda suwuň gaýtadan dikeldilýän çeşmesini tapdylar. Bu barada «Nature Geoscience» ylmy žurnalynda ýerleşdirilen makalada aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, suw çeşmesi üç ýyl mundan ozal Hytaýyň missiýasy tarapyndan Ýeriň hemrasyndan getirilen nusgalarda tapyldy. 
Suw meteoritler bilen çaknyşmada emele gelýän Aý palçygynyň ownujak aýna böleklerinde saklanýar. Alymlar ini saçyň bir gylyndan birnäçe gylyna çenli bolan 32 bölejigi öwrendiler. Bu bölejikler Gün ýelindäki wodorod molekulalary bilen çaknyşmada üznüksiz suw çykaryp bilerler. Gözlegçileriň pikiriçe, Aýda şeýle bölejikleriň mukdary milliardlarça barabardyr. 
Alymlar geljekki robotlaşdyrylan missiýalaryň dowamynda suwy bölejikleri gyzdyrmak arkaly alyp bolar diýip çaklaýarlar, ýöne ilki bilen onuň içmek üçin ýaramlydygyny ýa-da däldigini anyklamak gerek.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......