Toyota fewralda awtoulag satuwy boýunça rekord goýdy

  • 31.03.2023 23:52
  • 23k+

Toyota 30-njy martda, penşenbe güni dünýädäki satuwynyň, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 10,3 göterim ýokarlandygyny we 773 271 birlik bolandygyny mälim etdi. Fewral aýyndaky söwdanyň görkezijileri korporasiýanyň tutuş taryhynda bu aý üçin rekord goýdy.

Öndüriji ýarymgeçirijileriň ýetmezçiliginiň azalmagy bilen, içerki söwdanyň gaýtadan ýokarlandygyny tassyklady. Ýaponiýada satuwlar, şol sanda kiçi awtoulaglaryň söwdasy, ätiýaçlyk şaýlarynyň ýetmezçiligi we koronawirus bilen baglanyşykly çäklendirmeleriň täsiri sebäpli geçen ýylky aşak düşüşden soň 53,2% ýokarlanyp, 155 840 birlige ýetdi.
Toyota-yň içerki önümçiligi hem 11,2 göterim ýokarlap, 281 521 awtoulag boldy. Ýanwar aýynda kompaniýa bu depgini 30,1% ýokarlandyrdy. Bu fewral aýynda 2% ýokarlanan ählumumy önümçiligiň 750 000 birlikden 755 839 birlige ýetmegine kömek etdi. Toyota-nyň dünýä bazaryndaky önümçiligi hem yzly-yzyna iki aý bäri ösýär. Ýanwar aýynda dünýä önümçiliginiň ösüşi 8,8% boldy.
Geçen ýyl Toyota özüniň Daihatsu we Hino bölümleri bilen bilelikde 10 48 million ulag satmak bilen, üç ýyl bäri yzygider dünýäde awtoulag satuwynda birinji ýeri eýeläp geldi.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......