Türkmen dzýudoçylary Antalýada geçiriljek «Uly tuwulga» ýaryşyna gatnaşar

  • 31.03.2023 11:37
  • 11k+

Türkiýäniň Antalýa şäherinde 31-nji martdan 2-nji aprel aralygynda nobatdaky “Uly tuwulga” ýaryşy geçiriler. Onuň guramaçysy bolup Türkiýäniň dzýudo federasiýasy çykyş edýär diýip, Anadolu agentligi habar berýär.

Türkiýäniň syýahatçylyk “paýtagtynda” şeýle ýaryş eýýäm üçünji gezek geçirilýär. Birinji ýaryş 2021-nji ýylda, ikinjisi geçen ýylyň aprel aýynda geçirildi.
Türkiýäniň dzýudo federasiýasynyň habar bermegine görä, geçiriljek ýaryş dzýudoçylaryň we gatnaşýan ýurtlaryň sany taýdan iň abraýly sport çäreleriniň biri hasaplanýar. Şu ýyl Antalýada geçirilýän “Uly tuwulga” ýaryşyna Olimpiýa oýunlarynda, Dünýä we Ýewropa çempionatlarynda orun alan dzýudoçylar-da gatnaşýar. Türkiýeden göreş düşegine 21 zenan dzýudoçy we 23 erkek dzýudoçy çykar.
Ýaryş 85 döwletden 266 zenan dzýudoçynyň we 350 erkek dzýudoçynyň gatnaşmagynda Antalýanyň sport toplumynda geçiriler.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......