Mask, Woznýak GPT-4-den kuwwaty ýokary emeli aňy işläp taýýarlamagy togtatmagy haýyş etdiler

  • 31.03.2023 00:32
  • 16k+

Twitter-iň, SpaceX-iň we Tesla-nyň eýesi Ilon Mask, Apple-iň esaslandyryjysy Stiw Woznýak we tehnologiýa pudagyndaky beýleki görnükli şahsyýetler azyndan alty aýlap kuwwaty GPT-4-den has güýçli emeli aň (AI) ulgamlaryny taýýarlamagy bes etmegi haýyş edip açyk hata gol çekdiler.

"Biz ähli emeli aň barlaghanalarynyň kuwwaty GPT-4-den ýokary bolan ähli emeli aň ulgamlary boýunça okuwy azyndan alty aý haýal etmän togtatmaga çagyrýarys" - diýip, çarşenbe güni telekeçilige degişli däl Future of Life Institute guramasynyň saýtynda çap edilen hatda aýdylýar.

Hatyň awtorlarynyň pikiriçe, emeli aňy işläp düzüjileriň hemmesi bu wagty ösen ulgamlar üçin howpsuzlyk protokollaryny bilelikde işläp düzmek we girizmek üçin peýdalanmalydygy bellendi. Işläp düzüjiler häzirki zaman emeli aňyny has ygtybarly, has düşnükli we has aýdyň etmeklige ünsi jemlemeli.
Bu hata Mask bilen Woznýakdan başga-da, Skype-y esaslandyryjy Ýaan Tallinn, Pinterest-iň esaslandyryjysy Ewan Şarp, şeýle hem tehnologiýa pudagyndaky beýleki şahsyýetler we dürli uniwersitetleriň professorlary gol çekdiler.
Hatyň awtorlary: "Ynsan akyllary bilen bäsleşip bilýän  emeli aň ulgamlary jemgyýet we adamzat üçin çynlakaý howp döredip biler, bu uly göwrümli barlaglardan görünýär we iň oňat emeli aň barlaghanalar tarapyndan ykrar edilýär" - diýýärler.
Hatyň awtorlarynyň pikiriçe, güýçli emeli aň ulgamlary diňe adamzat olaryň peýdalydygyna ymykly göz ýetirensoň ösdürilmelidir we olar bilen baglanyşykly ähli töwekgelçilikleri bolsa gözegçilik astyna alyp bolar.


17.06.2026 11:15
2.3k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

17.06.2026 07:37
2.8k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

15.06.2026 08:07
1.4k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....