ÝB ýurtlary plastik kartlaryndan ýüz öwürmek isleýär

  • 30.03.2023 14:15
  • 28k+

Ýewropa Bileleşigi ähli kagyz we plastik resminamalardan, hususan-da ID-kartlardan we sürüjilik şahadatnamalaryndan ýüz öwürmäge mümkinçilik berýän sanly gapjyk döredýär.

ERR-e salgylanýan Report sanly gapjyk goşundysynyň üstünde işlemegiň eýýäm tamamlanandygyny, onuň synagdan geçirilýändigini habar berýär.
Sürüji şahadatnamalaryny, balyk tutmak üçin rugsatnamalary, derman serişdeleri üçin reseptleri we beýleki rugsat hatlaryny sanly gapjykda saklamak mümkin bolar. Maglumatlara görä, gapjyk eýesiniň islegine görä maglumatlary ýapmak wezipesine eýe bolar, ýagny gapjyk kime we haýsy maglumatlary bermelidigini saýlamaga mümkinçilik berer.

"Mysal üçin, ýol polisiýasy sizi saklasa, hakykatdanam şahsy koduňyzy we adyňyzy görmäge hukugy bar, şol bir wagtyň özünde dükan işgäriniň siziň nirede ýaşaýandygyňyzy, şahsy koduňyzy, doglan senäňizi ýa-da adyňyzy bilmek zerurlygy ýok. Diňe adamyň 18 ýaşdan geçendigini görmeli, bu oňa gerek bar zerur maglumat" – diýip, Döwlet maglumat ulgamy bölüminiň hünärmeni Mark Erlih düşündiriş berdi.

Erlihiň sözlerine görä, häzirki wagtda ÝB döwletleriniň 2025-nji ýylyň ahyryna çenli sanly gapjyk ulanyp başlamagy üçin hiç hili päsgelçilik ýok.


02.06.2026 11:16
2.1k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

28.05.2026 21:19
4.1k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

28.05.2026 11:57
3.8k+

Tomus maýda başlady: Ýewropany anomal yssy gurşap aldy

Günbatar Ýewropa ýurtlary entek tomus başlanmanka anomal yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldular....

27.05.2026 18:08
3.6k+

Çehiýa Respublikasynyň ýaşaýjysy Eurojackpot lotereýasyndan 120 million ýewro utdy

Eurojackpot lotereýasyny oýnan çehiýaly oýunçy zerur bolan sanlaryň tutuş kombinasiýasyny dogry bilip, 120 million ýewrolyk baş baýragy utdy. Bu barada utuşly oýny utgaşdyryjy, Mýunsterde ýerleşýän Westlotto......