Nokia SpaceX bilen Aýda 4G-internet toruny işe girizmegi meýilleşdirýär

  • 30.03.2023 23:50
  • 10k+

Nokia 2023-nji ýylyň ahyryna çenli Aýda 4G mobil toruny (LTE) ornaşdyrmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Ol NASA-nyň howandarlygynda «Artemida» missiýasynyň bir bölegi hökmünde ulanylar.

Nokia-nyň baş inženeri Luis de Teminonyň sözlerine görä, enjam ýakyn aýlarda SpaceX raketasyny ulanyp, Ýeriň hemrasyna iberiler. Aýyň Günorta polýusynda ýerleşýän Şeklton krateri infrastrukturanyň takyk ýeri hökmünde saýlandy.
Bellenilişi ýaly, sanawda Intuitive Machines kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülýän Nova-C gury ýerdäki esasy stansiýa bolar. Şeýle hem modula ýoldaş bolmak üçin Aý rowerini ulanmak meýilleşdirilýär. Tehnologiýanyň kosmosda işlemek üçin döredilendigi aýdylýar.
Fin kompaniýasynyň habar bermegine görä, 4G geljekde Aýa gitjek kosmonawtlara biri-biri we missiýa gözegçilik merkezi bilen aragatnaşyk saklamaga, tehnikany uzakdan dolandyrmaga, wideolary ýaýlyma bermäge we beýleki maglumatlary öýjükli ulgam boýunça geçirmäge mümkinçilik berer. Şol bir wagtyň özünde, öýjükli aragatnaşyk adaty radiodan has durnukly we ygtybarly bolar.


13.05.2026 15:48
2.4k+

WSJ: Google bilen SpaceX orbita maglumat merkezlerini ugratmak hakda gepleşik geçirýär

«Google» kompaniýasy «SpaceX» bilen hasaplaýyş kuwwatlyklaryny kosmosda ýerleşdirmegi göz öňünde tutýan synag tehnologiýasy — orbital maglumat merkezlerini işe girizmek barada gepleşikler geçirýär. Bu barada......

04.05.2026 10:55
539

SpaceX kompaniýasy IPO-dan öň maýadarlary orbital maglumat merkezi taslamasynyň töwekgelçilikleri barada duýdurdy

2026-njy ýylyň iýun aýynda paýnamalary ilkinji gezek köpçülige hödürlemegi (IPO) meýilleşdirýän SpaceX kompaniýasy potensial maýadarlary emeli aň üçin orbital maglumat merkezlerini döretmek bilen baglanyşykly......

25.04.2026 17:05
4.4k+

Mask paýnamalaryň taryhdaky iň uly köpçülikleýin satuwyndan soň SpaceX-de doly gözegçiligini özünde saklar

Reuters agentliginiň SpaceX-iň IPO (paýnamalaryň köpçülikleýin satuwy) resminamalaryna salgylanyp berýän habaryna görä, kompaniýanyň esaslandyryjysy Ilon Mask baş direktoryň, tehniki direktoryň hem-de dokuz......

26.03.2026 13:56
3.6k+

Nokia indiki nesliň simsiz internetiniň nähili boljakdygy barada gürrüň berdi

Nokia kompaniýasy sanly hyzmatlaryň häzirki wagt tertibinde durnukly we çalt işlemegini üpjün etmeli bolan Wi-Fi 9 standartynyň ösüşi baradaky öz garaýyşlaryny tanyşdyrdy....