ÝB ýurtlary 2035-nji ýyldan başlap benzinde we dizelde işleýän täze awtoulaglaryň satuwyny gadagan eder

  • 30.03.2023 14:12
  • 21k+

Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi awtoulaglaryň uglerod zyňyndylaryny azaltmak boýunça ÝB-niň täze maksatly görkezijilerini tassyklady: 2030-njy ýyldan 2034-nji ýyla çenli täze ýeňil awtoulaglaryň uglerod zyňyndylary, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 55%, 2035-nji ýyla çenli 100% azaldylmaly.

Bu barada ÝB-niň Geňeşiniň çap edilen kararynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

"ÝB-niň Geňeşi täze awtoulaglar we furgonlar üçin uglerod zyňyndylarynyň has berk kadalary baradaky karary tassyklady. Täze düzgün islendik ulag görnüşindäki zyňyndylaryň iň köp bölegini emele getirýän ýol ulaglaryndan çykýan zyňyndylary azaltmagy maksat edinýär. Şeýle hem olar, innowasiýa çemeleşmesini dowam etdirip, awtoulag pudagynyň zyňyndysyz ýagdaýa geçmegine itergi berer” diýip, resminamada bellenýär.

Aslynda, bu benzin ýa-da dizel bilen işleýän içerki ýangyç hereketlendirijili (ICE) täze awtoulaglaryň satylmagyny gadagan etmegi aňladýar. Täze kanunçylygyň möhüm bölegi wodorod ýaly "bitarap-uglerod ýangyçda" işleýän awtoulaglary hasaba almagyň düzgünleriniň ÝB-de döredilmegi bolar. Şeýle awtoulaglaryň satuwy 2035-nji ýyldan soň elektrik ulaglar bilen birlikde dowam edip biler.


17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

04.06.2026 14:32
3.2k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......