«Bir supra» çöregiň 20-den gowrak görnüşini hödürleýär

  • 28.03.2023 16:27
  • 18k+

Mukaddes Oraza aýy dowam edýär. Bu aýda musulman doganlarymyz gündizlerine agyz bekleýärler. Agşamlaryna bolsa bir saçagyň başynda jemlenip, agyz açýarlar. Bu saçaklarda esasy nygmatlaryň biri hem çörek we çörek önümleridir. Türkmen saçagyny çöreksiz göz öňüne getirmek mümkin däl. «Bir supra» (öň «Supra» ady bilen tanalýardy) çörek we konditer önümleri dükany diňe bir gündelik däl, eýsem, toýlaryň, agzaçar sadakalarynyň saçaklaryny bezejek, ýokary hilli undan öndürilýän önümleriniň giň toplumyny hödürleýär.

Islendik adam bu dükandan öz halaýan çöregini tapyp biler. Çünki dükanda çörek we çörek önümleriniň 25 sany görnüşi bar. Tamdyr çöregiň 3 görnüşi (250 gr, 500 gr, 900 gr), petir çörek, buhanka, türk dokasy, türk simit, pide çörek, trabzon çörek bar. Bulkalaryň 11 görnüşi, kökeleriň 40-a golaý görnüşi, süýjülikleriň, tortlaryň dürli görnüşleri bar.


Dükan önümleriniň ýokary hilini hem-de elýeter bahasyny kepillendirýär. Mysal üçin, 500 gr tamdyr çörek – 4 manat, 1 kg petir – 10 manat.
2017-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän «Bir supra» dükany paýtagtymyzyň söwda nokatlaryna, naharhanalara we toý mekanlaryna amatly şertlerde hyzmatdaşlygy teklip edýär. Bu babatda dükan eltip bermek hyzmatynyň barydygyny, şeýle hem hasaplaşyklaryň nagt hem nagt däl görnüşde amala aşyrylýandygyny habar berýär.
Sargytlar 1 gün öňünden kabul edilýär.

Iş wagty: 07:00-dan 22:00-a çenli
Salgysy: Aşgabat ş., Medeniýet (Reutowa) köçesiniň 4-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99363 51-99-99; 36-42-43 (41), 12-19-19
Elektron poçta: birsupra2017@gmail.com
TmCars: Biznes-hasap


22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.2k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......