Apple kamera oturdylan sagat çykarar

  • 28.03.2023 15:33
  • 8.5k+

Apple özünde oturdylan kamerasy bolan akylly sagady patentledi. Bu barada Appleinsider neşiri habar berýär.

Enjamyň konsepsiýasy ABŞ-nyň Patentler we söwda nyşanlary edarasynyň (USPTO) web sahypasyndan tapylan resminamada beýan edilipdir. Talap hatynda akylly sagadyň ýokarsy kamera bilen enjamlaşdyrylyp bilner diýip aýdylýar. Žurnalistleriň pikiriçe, Amerikanyň IT ägirdi bu enjamy ýakyn wagtda çykarsa gerek.
Materialda kameranyň dürli maksatlar üçin ulanylyp bilinjekdigi aýdylýar. Inženerleriň pikiriçe, kamera ulanyjyny tanamak, barmak yzyny okamak, QR kody skanirlemek we wideo aragatnaşyk üçin peýdaly bolup biler. Mundan başga-da, sagadyň eýesi surata düşürmek we wideo ýazgy etmek üçin kamerany ulanyp biler.
Apple-iň inženerleriniň pikiriçe, täze akylly sagadyň formasy sagatbagy dakmaga päsgel bermeýän şekilde bolmaly.


şu gün 08:32
1.4k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

düýn 23:56
1.5k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.7k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......