“Ýewrowideniýäniň” finaly ilkinji gezek Britaniýanyň kinoteatrlarynda görkeziler

  • 27.03.2023 16:32
  • 3.9k+

“Ýewrowideniýe” halkara aýdym-saz bäsleşiginiň finaly taryhda ilkinji gezek Beýik Britaniýanyň kinoteatrlarynda göni ýaýlymda görkeziler. “Deadline” neşiriniň habar bermegine görä, bu maglumat Ýewropanyň ýaýlym birleşigi (EBU) tarapyndan tassyklandy. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Ýatlap geçsek, “Ýewrowideniýe-2022-de” Ukrainadan Kalush Orchestra topary ýeňiji boldy, ýöne 2023-nji ýylyň bäsleşigi howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen bu ýurduň çäginden Beýik Britaniýanyň Liwerpul şäherine geçirildi. Belli bolşy ýaly, Ukrainanyň wekili “Ýewrowideniýäniň” 13-nji maýda geçiriljek finalyna göni geçer.
Halaýan gatnaşyjylaryna bäsleşige gatnaşmaýan ýurtlardan bolan tomaşaçylar hem ses berip biler. Oňa 2022-nji ýylda bäsleşige gatnaşmakdan çetleşdirilen Russiýa we 2021-nji ýylda bäsleşikden aýrylan Belorussiýa hem degişlidir.

“Galan dünýäniň” ses berişliginiň nähili we nirede geçiriljekdigi barada has jikme-jik maglumatlary biz çäräniň geçiriljek wagtyna golaý mälim ederis” – diýip, birleşikde bellenildi.


19.06.2026 19:18
3.5k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

17.05.2026 14:15
6.1k+

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....