Hytaýly mekdep okuwçysy Rubigiň kubigini düzmegiň tizligi boýunça rekordy täzeledi

  • 27.03.2023 16:24
  • 23k+

Hytaýdan mekdep okuwçysy Rubigiň kubigini çözmegiň ortaça wagty boýunça rekordy täzeledi. Dokuz ýaşly Ýihen Wan öňki rekord eýeleri bolan ABŞ-dan Maks Parky we Polşadan Timon Kolasinskini yzda galdyrdy. Olar 4,86 sekunt netijäni gazanypdylar. Zehinli oglanjygyň wagty bolsa 4,69 sekunt boldy. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtyna salgylanyp, MIR24 habar berýär.

Bu Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen tapmaça ussatlary üçin ýaryşlaryň ýarym finaly wagtynda bolup geçdi. Wan Rubigiň kubigini 4,35 sekuntda, 3,90 sekuntda, 4,41 sekuntda, 5,31 sekuntda we 6,16 sekuntda bäş gezek düzdi. Halkara kubing assosiasiýasynyň düzgünlerine laýyklykda, ortaça görkeziji hasaplanylanda iň çalt we iň haýal netijeler göz öňünde tutulmaýar.
Ýiheniň bäş çözgüdiniň ikinjisi (3,90 sekuntda) tutuş taryhyň dowamynda ýekelikde çözmegiň tizligi boýunça bäşinji boldy. Iň çalt ýekelikde çözmek boýunça rekordy bolsa 2018-nji ýylda bu kubigi 3,47 sekuntda düzen hytaýly Ýuşen Du saklaýar. 
Ýihen 2023-nji ýylda gatnaşan spidkubing boýunça üç ýaryşynda-da ýeňiş gazandy. Bular koronawirus pandemiýasyndan soň Aziýada geçirilen ilkinji ýaryşlaryň biri boldy.


18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 11:17
4.8k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......