Mask Twitter-iň häzirki bahasyny satyn alan bahasynyň ýarpysyna durýar diýip bahalandyrdy

  • 27.03.2023 15:39
  • 7k+

Amerikaly telekeçi Ilon Mask Twitteriň işgärlerine, kompaniýanyň umumy bahasy takmynan 20 milliard dollar hasabyndan, paýnamalar görnüşinde sylag hödürledi, bu bolsa satyn alan bahasynyň ýarysyndan gowragy — 44 milliard dollar. Bu barada Twitterdäki içerki hat alyşmalary bilen tanyş çeşmä salgylanýan The Information portaly habar berdi diýip, TASS ýazýar.

 "Bu geleşikden bäri kompaniýanyň bahasynyň näçeräk peselendigini gönüden-göni ykrar etmek" -diýip, neşir belleýär.

Twitter we Mask entek bu maglumat barada teswir bermedi.
2022-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda telekeçi Twitteri satyn almak üçin 44 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy. Ol şondan soň derrew kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň birnäçesini, şol sanda baş direktor Parag Agrawaly we maliýe müdiri Ned Sigaly işinden boşatdy. ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we bir biržalar komissiýasynyň maglumatlar bazasynda ýerleşdirilen resminamalardan görnüşi ýaly, Mask direktorlar geňeşini hem dargadyp, kompaniýanyň ýeke-täk başlygy boldy.


20.06.2026 10:45
3.4k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.4k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......