Çiliniň çempionatynda derwezeban uzakdan gol salyp, rekord goýdy

  • 26.03.2023 15:46
  • 25k+

Çiliniň futbol boýunça çempionatynda «Kobresal» we «Kolo-Kolo» klublarynyň arasynda  geçirilen oýunda uzak aralykdan gol geçirmekde täze rekord goýuldy. Ýer eýeleriniň derwezebany pökgini öz derwezesiniň çäginden garşydaşlarynyň derwezesine iberdi.

Duşuşygyň ahyrynda «Kobresal» 2:0 hasabynda öňe saýlandy we üçünji pökgini tora girizdi (jemi hasap — 3:1). Ony argentinaly 35 ýaşly derwezeban Leandro Rekena geçirdi. Aslynda ol, dogrusyny aýtsaň, pökgini «Kolo-Kolonyň» derwezesine çenäbem depmändi - ýöne, topy hüjümçilere geçirmek isläpdi. Emma bu — dünýä taryhynda iň uzak aralykdan salnan gol boldy duruberdi.
Garşydaşlarynyň derwezebany Braýan Kortes Rekena «kömek etdi»: ol derwezeden şowsuz hem-de gaty uzaga çykdy, eli bilen oýnap bilmedi we kellesi bilenem topdan sowa geçdi. Top göni baryp "Kolo-Kolonyň» derwezesine girdi.


TNT Sport Chile-niň žurnalistleri topuň geçen aralygyny hasapladylar - 101 metr . Häzir Rekenanyň uran golunyň uzaklygyny takyk kesgitlemek üçin meýdany goşmaça ölçemek gerek. "Kobresal" rekordy Ginnesiň kitabynda bellige aldyrmak üçin ýüz tutmak isleýär.
Häzirlikçe takyk pökgi urgusynyň uzaklygy boýunça resmi taýdan dünýä rekordy Angliýanyň “Nýuport” toparynyň derwezebany Tom Kinge degişlidir. 2021-nji ýylda ol "Çeltenhemiň" derwezesine 96 metr 1 sm aralykdan gol geçirdi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri bu netijäni ýörite diplom bilen tassykladylar.


12.03.2026 11:32
2.5k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...

15.12.2025 16:34
2.5k+

Çiliniň Prezident saýlawlarynda konserwator Hose Antonio Kast ýeňiş gazandy

Çilide geçirilen Prezident saýlawlarynda Respublikan partiýasyndan ultrakonserwatiw dalaşgär Hose Antonio Kast ýeňiş gazandy. 99%-den gowrak býulleteni sanamagyň netijesi boýunça, ol saýlawçylardan 58,16% ses aldy diýip, ýurduň saýlaw gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, The Guardian ýazýar...

26.11.2025 12:21
6.8k+

ABŞ-da energiýany simsiz geçirmek boýunça rekord goýuldy

Star Catcher Industries amerikan startapy lazer şöhlesi arkaly adaty, kommersiýa Gün panellerine 1,1 kW optiki kuwwat geçirmek bilen simsiz energiýa geçiriş boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Synaglar Florida ştatynyň Kennedi adyndaky kosmodromynda geçirildi...

25.11.2025 15:10
3.5k+

Beýik Britaniýanyň ýel elektrik stansiýalary 22 mln öýi energiýa bilen üpjün edip, günlük rekordy täzeledi

Beýik Britaniýanyň ýel turbinalary bir günde 22,7 mln kilowatt-sagat elektrik energiýasyny öndürip, täze rekord goýdy. Milli energetika ulgamy operatorynyň (Neso) maglumatlaryna görä, bu möçber 22 mln töweregi öýi elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin ýeterlik boldy...