2023-nji ýylyň martynyň ahyrynda magnit hadysalarynyň güýçli duýuljak günleri

  • 25.03.2023 06:57
  • 47k+

Täzelenen maglumatlara görä, Gün Ýere garşy zabun hüjüme başlady we ýakyn günlerde planetany güýji 5 bala çenli bolan magnit tupany (hadysasy) gurşap alar. Bu görkeziji howa şertlerine duýgur adamlar üçin örän howply, bu diňe bir ýarawsyzlyga we ýadawlyga, iş ukybynyň ýitmegine we ykjamsyzlyga däl, eýsem, bedende agyrynyň, kellagyrynyň döremegine, gan basyşynyň ýokarlanmagyna we başga-da köp zatlara sebäp bolup biler.

Tupanyň iň soňky we iň güýçli döwri 24-31-nji mart aralygynda bolar. Bu döwür tupanyň güýji 3-5 bal aralygynda üýtgäp durar.

  • 24-nji mart - güýji 3 bal  bolan geozarbalar;
  • 25-nji mart - güýji 4 bal bolan geozarbalar;
  • 26-njy mart - güýji 5 bal bolan geozarbalar;
  • 27-nji mart - güýji 4 bal bolan geozarbalar;
  • 28-nji mart - güýji 3 bal bolan geozarbalar;
  • 29-njy mart - güýji 3 bal bolan geozarbalar;
  • 30-njy mart - güýji 5 bal bolan geozarbalar;
  • 31-nji mart - güýji 5 bal bolan geozarbalar.

Geomagnit üýtgemelerine duýgur adamlar üçin maslahatlar
Atmosfera basyşynyň birden üýtgeýän şertlerinde gan damarlary ýagdaýa görä üýtgemäge ýetişmeýär, beýniniň gan üpjünçiliginiň bozulmagy töwekgelçiligi ýokarlanýar — gipertoniki krizis, infarkt bolup biler. Baş aýlanma adamyň ýykylmak howpuny ýokarlandyrýar.
Magnit tupanlary köp adamyň özüni duýşuna ýaramaz täsir edýär. Howa bagly adamlar magnit tupanyndan birnäçe gün öň we tupan wagtynda özlerini erbet duýup bilerler. Şeýle ýagdaýlarda lukmanlar çilimden we spirtli içgilerden, ýagly iýmitlerden gaça durmagy, arassa howada has köp ýöremegi we ukyňy ýeterlik  almagy maslahat berýärler.


20.06.2026 12:08
7.1k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......