Toyota Ýaponiýa üçin Camry sedanynyň önümçiligini bes eder

  • 24.03.2023 11:17
  • 22k+

Ýaponiýanyň öňdebaryjy awtomobil konserni Toyota Motor 2023-nji ýylyň ahyryna çenli içerki bazar üçin dünýäde iň meşhur biznes klasyndaky sedanlaryň biri bolan Camry-nyň önümçiligini bes eder. Bu barada "Nikkei" gazeti habar berdi diýip, TASS belleýär.

Kompaniýa diler merkezlerine eýýäm habar ýollady. Ýaponiýanyň içindäki satuwlar tapgyrlaýyn bes ediler. Häzirki wagtda dilerler bu model üçin täze sargytlaryň kabul edilmegini togtatmaga girişdiler. Camry-nyň önümçiligi daşary ýurt bazarlary üçin dowam etdiriler.
Toyota-nyň şeýle netijä gelmeginiň sebäpleriniň biri Ýaponiýada ýyl-ýyldan Camry-nyň satuwynyň peselmegidir. Geçen ýyl şeýle awtomobillerden bary-ýogy 6 müňüsi satyldy. Ýaponiýaly alyjylar, esasan, Crown sedanyny saýlaýarlar. Şol bir wagtyň ozünde Toyota ýakynda bu modeliň täze neslini çykardy. Şonuň bilen birlikde ABŞ-nyň, Hytaýyň we Günorta-Gündogar Aziýanyň bazarlarynda Camry meşhur bolmagynda galýar.
Model ilkinji gezek 1980-nji ýylda hödürlendi. Häzirki wagta çenli dünýäde 21 mln töweregi Camry satyldy, olaryň köp bölegi ABŞ-nyň paýyna düşýär (13 mln). Ol ýerde model 2016-njy ýyla çenli 15 ýyllap sedanlaryň arasynda satuw boýunça birinji orny eýeledi. Şol bir wagtyň özünde Ýaponiýada 1980-nji ýyldan bäri 1,3 mln Camry satyldy.


düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......

06.05.2026 09:03
6.3k+

Toyota Tundra howpsuzlyk synaglarynda F-150-den has ýokary netijeleri görkezdi

IIHS-iň täze geçiren kraş-testleri uly göwrümli pikaplar segmentinde garaşylmadyk netijäni ýüze çykardy. Toyota Tundra synaglarda iň ýokary netijeleri görkezip, howpsuzlyk derejesi boýunça Ford F-150-den öňe......

04.05.2026 20:02
4.3k+

Lexus Toyota Highlander-iň binýadynda täze üç hatarly krossowerini görkezer

Lexus brendi resmi tanyşdyrylyşy 7-nji maýa meýilleşdirilen täze modeliniň tizerlerini paýlaşdy. Bu täzeligiň ýakynda tanyşdyrylan elektrik Toyota Highlander-iň premial nusgasy bolan uly göwrümli elektrik......