Awstraliýaly alymlar möýüň uzynlygy 20 sm-den gowrak bolan täze görnüşini tapdylar

  • 24.03.2023 06:06
  • 27k+

Awstraliýaly alymlara Merkezi Kwinslendde uzynlygy 20 sm-den gowrak bolan möýüň täze görnüşini tapmak başartdy. Bu barada gözlegçilere salgylanyp, ABC News ýaýlymy habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Şol bir wagtyň özünde bognaýaklylaryň bu görnüşiniň zäheri adam üçin howpludyr.

“Möý şekillä Euoplos dignitas diýlip at berildi, onuň ady “mertebe” ýa-da “beýiklik” manyny berýän latyn dilindäki “dignitas” sözünden gelip çykyp, möýüň haýran galdyryjy göwrümini we häsiýetini görkezýär” – diýlip, Kwinslend muzeýiniň hünärmenleriniň işinde bellenilýär.

Alymlaryň pikiriçe, Euoplos dignitas möýleri ýerleriň arassalanýan wagtynda öz ýaşaýyş ýerleriniň köp bölegini ýitirýändikleri sebäpli seýrek bolup biler.
Şeýle möý ýeriň astynda ýaşaýar we onuň dişlemegi duş gelen adamda düýpli agyrylara ýa-da çişlere sebäp bolup biler. Alymlar möýüň bu görnüşine ýitmek howpunyň abanyp bilýändigine ünsi çekdiler.


26.01.2026 22:13
3.6k+

Awstraliýanyň gadymy kengurulary 250 kg agrama garamazdan böküp bilipdirler

Alymlar mundan 13–30 müň ýyl ozal Awstraliýada ýaşan äpet kengurularyň 250 kilograma ýetýän agramyna garamazdan, böküp bilendiklerini anykladylar. Deňeşdirmek üçin aýtsak, häzirki döwrüň iň uly gyzyl kengurularynyň agramy 90 kilogramdan geçmeýär...

16.01.2026 15:17
5.6k+

Ýeriň iň gadymy derýasy tapyldy: ol dinozawrlar döwründen hem öň akypdyr

Alymlar Ýeriň iň gadymy derýasyny tapdylar. Live Science žurnalynyň maglumatyna görä, ol Awstraliýadaky Finke derýasy bolup çykdy. Arizona uniwersitetiniň geomorfology Wiktor Beýker bu derýa ulgamynyň ýaşynyň 300 bilen 400 million ýyl aralygyndadygyny, munuň bolsa onuň dinozawrlardan hem gadymydygyny aňladýandygyny aýdýar...

18.12.2025 13:23
6.4k+

Dünýäde iň uly elektrik gämisi Tasmaniýada ilkinji synaglardan üstünlikli geçdi

Awstraliýanyň Incat Tasmania gämi gurluşyk kompaniýasy tarapyndan gurlan we doly elektrik energiýasy bilen işleýän dünýäde iň uly gämi Tasmaniýanyň Hobart şäherinde ilkinji suw synaglaryny üstünlikli tamamlady...

21.11.2025 23:19
7.9k+

Awstraliýada 55 mln ýyl ozal ýaşan krokodilleriň ýumurtgalarynyň bölekleri tapyldy

Awstraliýanyň gündogaryndaky Murgon şäherinde krokodilleriň ýitip giden toparynyň ýumurtgalarynyň ýurtda iň gadymy bölekleri tapyldy. Tapyndy alymlara bu haýwanlara we olaryň ýaşaýyş gurşawyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berer diýip, Täze Günorta Uels uniwersiteti habar berýär...