BSGG: dört hepdede koronawirus pidalarynyň sany 46% azal habar berdi

  • 23.03.2023 13:51
  • 11k+

20-nji fewraldan 19-njy mart aralygynda dünýäde 3,7 million adam  koronawirus ýokanjy bilen keselledi. Olardan 26 müňden gowragy aradan çykdy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň habar bermegine görä, mundan öňki 28 gün bilen deňeşdirilende, kesel zerarly wepat bolanlaryň sany 46%, kesellänleriň sany  31% azaldy. Maglumatlara görä, geçen dört hepdäniň dowamynda kesellänleriň sany  3 738 575 bolup, şolardan  26 147-si wepat boldy.

Geçen 28 günde ABŞ-da 792 202 sany koronawirus ýokuşmasy ýüze çykaryldy. Mundan başga-da Russiýada (339 564), Hytaýda (320 029), Ýaponiýada,  (291 672) Germaniýada (281 468) hasaba alyndy.
21-nji martda BSGG gelip gowşan maglumatlara görä, pandemiýa başlaly bäri dünýäde 761 071 826  adamda kesel ýüze çykaryldy. Şolardan  6 879 677-si aradan çykdy.


10.12.2025 11:51
7.6k+

Gögerçiniň dersinde adamlar üçin howply, BSGG-niň sanawyna girýän patogenler tapyldy

M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň (MDU) Topragy öwreniş bölüminiň hünärmenleri gögerçinleriň dersinde adam saglygy üçin howply bolan askomiset görnüşli gabartmalary tapdylar. Uniwersitetiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu mikroorganizmler esasan hem çagalarda we immun ulgamy gowşak adamlarda bu görnüşli ýokançlyklaryň döremegine sebäp bolup biler...

04.12.2025 16:16
6.9k+

Türkmenistanda pandemiýalara taýýarlyk boýunça tejribe okuwlary geçirildi

1-3-nji dekabr aralygynda Aşgabatda Pandemiýalaryň öňüni almak, oňa taýýarlyk, jogap bermek we soňky dikeldiş boýunça Türkmenistanyň Hereketleriň Milli meýilnamasynyň (HMM) taslamasyny jemlemäge gönükdirilen PanPRET atly okuw maslahatlary geçirildi...

08.11.2025 17:55
6.3k+

Türkmenistanda dümewiň pandemiýasynyň öňüni almak boýunça BSGG-niň okuwlary geçirildi

3–5-nji noýabr aralygynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky ýurt edarasy ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen wirusologiýa laboratoriýalarynyň hünärmenleri üçin üç günlük hünär kämilleşdiriş okuwyny geçirdi...

08.09.2025 17:14
2.8k+

BSGG maýmyn mamasy boýunça adatdan daşary ýagdaý režimini ýatyrdy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy indi maýmyn mamasynyň ýaýrawyny halkara derejesindäki adatdan daşary ýagdaý hökmünde görmeýär. Bu barada BSGG-niň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus aýtdy. Adatdan daşary ýagdaý režimi bir ýyldan gowrak ozal bu ýokanjyň Afrikada ýaýramagy sebäpli adatdan daşary komitetiň görkezmeleri boýunça girizilipdi...