Finlýandiýa BMG tarapyndan dünýäniň iň bagtly ýurdy diýlip saýlandy. Bu döwlet yzygiderli altynjy gezek reýtingde birinji orny eýeleýär we beýleki ýurtlardan ep-esli öňde barýar. Netije guramanyň ýyllyk Bütindünýä bagt hasabatynda neşir edildi diýip, forbes.kz habar berýär.
“Girdeji, saglyk, bil baglap boljak kimdir biriniň bolmagy, möhüm durmuşy çözgütleri kabul edeniňde erkinlik duýgusy, sahylyk we korrupsiýanyň bolmazlygy – bularyň ählisi dürli ýurtlaryň raýatlarynyň ýaşaýşyna baha bermekde möhüm rol oýnaýar” – diýlip, hasabatda bellenilýär.
Finlýandiýadan başga-da iň bagtly ýurtlaryň onlugyna Daniýa, Islandiýa, Ysraýyl, Niderlandlar, Şwesiýa, Norwegiýa, Şweýsariýa, Lýuksemburg we Täze Zelandiýa girdi. ABŞ reýtingde 15-nji orny eýeledi, Litwa bolsa 2017-nji ýyldan bäri otuz orundan gowrak ýokary galyp, sanawyň ýigrimiliginde ilkinji täze ýurt boldy.
Reýtingiň soňky üç setirini Sýerra-Leone, Liwan we Owganystan eýeledi. Gözlegde jemi 137 döwlet bar. “Uruş sebäpli heläkçilige uçran Owganystan we Liwan gözlegde iň bagtsyz iki ýurt bolup galýar, bu ýerde ortaça ýaşaýyş bahasy beýleki onlarça bagtly ýurtlaryňkydan bäş punktdan gowrak pesdir” – diýlip, hasabatda aýdylýar.
Hasabat düzülende ilatyň jan başyna düşýän JIÖ, sosial goldaw derejesi, raýatlaryň ömür dowamlylygy, raýatlaryň azatlygynyň goralyşy, iş kepilligi, korrupsiýa derejesi we jemgyýetçilik pikir soraşmasynyň netijeleri hasaba alynýar. Bütindünýä bagt hasabaty 2012-nji ýyldan bäri BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlangyjy bilen çap edilýär.