Serdar Berdimuhamedow saparynyň ahyrynda Kataryň Milli muzeýine baryp gördi

  • 20.03.2023 23:50
  • 24k+

Serdar Berdimuhamedow Katara döwlet saparynyň ahyrynda Doha şäherinde ýerleşýän Kataryň Milli muzeýine baryp gördi.

Bu ýerde döwlet Baştutany muzeýiň eksponatlary, şeýle-de katarlylaryň däp-dessurlaryny, medeni durmuşyny açyp görkezýän taryhy gymmatlyklar bilen tanyşdy. Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow muzeýiň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Kataryň Milli muzeýi ulanyşa berlen ilkinji ýyllarynda 450 müňden gowrak adamy kabul etdi. Ýurduň taryhyny diňe bir suratlardyr heýkeller däl, eýsem, XXI asyryň täsin çyralarydyr wizual görnüşleri bilen suratlandyrýandygy bu medeni desganyň özüne çekijiligini has-da artdyrýar. Şunda onuň energonetijelilik we ekologik taýdan arassalyk boýunça LEED güwänamasyny alan dünýäde ilkinji muzeýdigini hem bellemek gerek. Eksponatlaryň örän uly toplumy bolsa ýurduň taryhynyň dürli döwürlerinden söz açýar.
2022-nji ýylda Katarda geçirilen Futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan bu muzeý onýyllygyň iň täsin desgasy hökmünde bütin dünýäde giňden tanalýar.


düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.8k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....