Serdar Berdimuhamedow Qatar Foundation-yň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

  • 20.03.2023 23:38
  • 10k+

20-nji martda günüň ikinji ýarymynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň bilim, ylym we jemgyýetçilik ösüş gaznasynyň binasyna baryp gördi. Bu ýerde Serdar Berdimuhamedow Qatar Foundation-yň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Doha şäherinde ýerleşýän Gaznanyň ştab-kwartirasynyň esasy girelgesinde Serdar Berdimuhamedowy Kataryň bilim, ylym we jemgyýetçilik ösüş gaznasynyň uniwersitete çenli bilim bölüminiň ýolbaşçysy hanym Abira Al-Halifa garşylady.
Bu ýerde Serdar Berdimuhamedow 1995-nji ýylda Şeýh Hamad bin Halifa Al-Taniniň Permany bilen esaslandyrylan Gaznanyň esasy wezipeleri bilen tanyşdyryldy.
Bellenilişi ýaly, Qatar Foundation-yň howandarlygyndan 50-den gowrak bilim we ylym barlag edaralary döredildi. Gazna Katarda köpugurly innowasion merkezi bolup, bu ýerde ýerli alymlar ählumumy meseleleri çözmegiň üstünde işleýärler.
Education City şäherinde 12 inedördül kilometrden gowrak bolan barlag we jemgyýetçilik merkezleri, şeýle hem belli halkara ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Karnegi-Mellona uniwersitetiniň, Jorjtaun uniwersitetiniň, HEC Paris, Demirgazyk-Günbatar uniwersitetleriniň hem-de Tehasyň A&M uniwersitetiniň, Wirjini Arkalaşyk uniwersitetiniň Sungat mekdebiniň, Weill Cornell Medicine we Londonyň Uniwersitet kollejiniň, şeýle hem Hamad bin Halifa uniwersitetiniň hem-de şol uniwersitetiň “Innowasion barlaglar” bölüminiň şahamçalary açyldy.
Soňra döwlet Baştutanyna Qatar Foundation baradaky wideoşekiller görkezildi. Durnukly adam kuwwatyny ösdürmäge çalyşýan, bilime esaslanýan ykdysadyýetli ýurduň durmuş we ykdysady abadançylygyny maksat edinýän innowasion we açyk jemgyýeti goldamak, bu gaznanyň esasy maksadydyr.
Gaznanyň işi bilen tanyşlyk tamamlanandan soňra, döwlet Baştutany belent mertebeli myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.


düýn 17:31
1.2k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.8k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....