Serdar Berdimuhamedow Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

  • 20.03.2023 22:50
  • 12k+

20-nji martda Katar döwletine saparynyň ikinji gününde Prezident Serdar Berdimuhamedow Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

«Sheraton Grand Doha Resort and Convention» myhmanhanasynyň  «Salwa» zalynda geçirilen işewürlik çäresine Kataryň söwda-senagat edarasynyň, Kataryň işewürler Assosiasiýasynyň, şeýle hem Delta Group, Turn Key Trade&Contracting, Shaheen Al Mohannadi Group, Bin Twar Group ýaly iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda energetika, oba hojalygy toplumy, dokma pudagy, ylmy we innowasion önümçilikler, şähergurluşygy, energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ulanmak ýaly pudaklarda maýa goýum işini ösdürmegiň mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.
Söwda-ykdysady ugur boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň entek doly möçberde ulanylmaýandygyna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Katar Döwleti bilen bilelikdäki işewürler geňeşiniň döredilmeginiň tarapdarydygy tassyklanyldy.   
Hakyky giň möçberli, ösüşe niýetlenen bilelikdäki taslamalaryň zerur bolan döwrüne ýetilendigini belläp, Serdar Berdimuhamedow bu taslamalaryň ykdysady hyzmatdaşlygyň hereketlendiriji güýjüne öwrülip, täze maýa goýumlaryny çekmek, garyşyk önümçilikleri döretmek, häzirki zaman hyzmatlar ulgamyny emele getirmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy.
Mundan başga-da,  Katar döwletiniň maliýe ulgamynyň, maliýe-karz edaralarynyň, ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň, biržalarynyň döreýşiniň we hereketiniň oňyn tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirilýändigi barada aýdyldy.   

«Biziň ýurdumyz islendik netijeli teklipler, jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr» diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutany Katar kompaniýalarynyň wekilleriniň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.


düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.8k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....