55 ýaşly alym 100 gün suwuň astynda ýaşamak kararyna geldi

  • 19.03.2023 23:53
  • 38k+

Günorta Florida uniwersitetiniň professory, Dr. Deepsea hökmünde-de belli bolan, Jozef Dituri adam organizminiň adatdan daşary basyş şertlerinde suwuň astynda uzak wagtlap bolmakdan nähili baş çykarýandygyna düşünmek üçin üýtgeşik tejribe geçirer. 55 ýaşly alym suwuň astynda 9 metrden gowrak çuňlukda 100 gün ýaşamagy meýilleşdirýär. Bu barada New York Post habar berdi diýip, rbclife.ru belleýär.

“Biz biomedisina inženeriýasy barada gürrüň ederis, biologiýa pudagynda tejribeleri geçireris – biz wagtymyzy örän gowy geçireris” – diýip, Dituri belleýär.

Mart aýynyň başyndan bäri ol meýdany 9 inedördül metr bolan basseýnde bolýar. Tejribe geçirijiniň pikiriçe, ol şol ýerde ýene birnäçe aý bolup biler, bu döwürde onuň saglyk ýagdaýy bolsa gowulaşmalydyr.
Lukmanlar topary alymyň ýagdaýyny barlamak üçin yzygiderli onuň ýanyna suwa girerler. Tejribäniň ahyrynda hünärmenler professordan gan analizini alarlar, elektrokardiogramma geçirerler, şeýle-de uzak wagtlap ýekelikde bolmagyň netijesine baha bermek üçin onuň psihososial we psihologiki ýagdaýyny seljererler.
Günorta Florida uniwersitetiniň işgärleri bu tejribäniň suwuň astyndaky ýaşaýşyň hakykatdanam mümkindigini we hatda garrama bilen baglanyşykly keselleriň öňüni alyp biljekdigini subut etmäge ukyplydygyny belleýärler. Alymlar muny Dituriniň öz netijeleri bilen düşündirýärler: ol ýokary basyş şertlerinde öýjükleriň bäş günüň dowamynda iki esse köpelendigine ünsi çekdi.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......